Garaşsyzlyga belent buýsanjyň beýany
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň, Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Garaşsyzlyk — beýik işleň dessany, dünýä mälim etdi Türkmenistany» diýen at bilen geçiren aýdym-sazly dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Onda çykyş edenler ýygnananlary şanly sene mynasybetli gutlap, mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri barada gürrüň etdiler. Berkarar Watanymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna düşen döwrüniň içinde Balkan welaýatynda hem ähli ugurlarda uly özgertmeleriň bolup geçendigini, kuwwatly senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurlandygyny buýsanç bilen bellediler. Tanymal aýdym-saz, tans toparlarynyň, sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna dabarada giň gerim berildi. Garaşsyzlygyň, ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň, ajaýyp döwrümiziň, eşretli durmuşymyzyň waspy belent joşguna beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň özenini düzdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Gutly bolsun şanly Garaşsyzlyk baýramy!» diýen aýdymy bilelikde uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.