Garaşsyzlygyň merjen dänesi

Ýurduň çäginde
10.10.2025
61

Garaşsyzlygyň merjen dänesi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşik ruhubelentlige beslenip, aýdym-saza höwesli ýaş zehinleri ýüze çykardy. Oňa Balkan welaýatdan gatnaşan Arzuw Aganyýazowa bu bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy başardy hem-de Şa serpaýyna mynasyp boldy. Ýaş zehin Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 7-nji synpynda oňat bahalar bilen okaýar. Okuwdan daşary şäheriň çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk bölümine gatnap, dutar çalmagyň we aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwrenýär. Şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň medeniýet öýüniň «Tolkun» aýdym-saz toparynda çykyş edýär. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşikde ýeňiji bolmagymda halypalarymyň — Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýtäç Dawudowanyň, Gurbanaly Amanalyýewiň hem-de babam Ýusup Garaýewiň uly paýlary bar. Olar meniň aýdym-saz sungatynda barha kämilleşmegim üçin ähli tagallalary edýärler. Men bäsleşigiň welaýat we döwlet tapgyrlarynda «Joşgun» çagalar tans topary bilen «Çalsana, bagşy!» aýdymyny ýerine ýetirdim. Emin agzalary aýdymy ýerine ýetirişime ýokary baha berdiler — diýip, buýsanç bilen gürrüň berýän Arzuwa geljekde hem diňe üstünlikler ýar bolsun!

Täze habarlar