
Garaşsyzlyk — galkynyşyň gözbaşy
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy welaýatymyzda hem uludan tutuldy. 27-nji sentýabrda ir säher bilen welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda dabara geçirildi. Dabarada Döwlet senasynyň belent owazynyň astynda ýaşyl Tugumyz al-asmana göterildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalyp, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra baýramçylyk gutlaglaryna, giň mazmunly buýsançly çykyşlara uly orun berildi. Olarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen belent maksatlaryň, ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrundaky tutumlaryň rowaçlyklara beslenýändigi nygtaldy.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, belent heňde ýerine ýetiren şirin aýdymlary bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet paýlady. Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy dowamly el çarpyşmalara mynasyp boldy. Aýdym-sazlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, belent maksatly işleriň waspy ýetirildi.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem şowhunly dabaralara beslendi.