Garpyz
Tomus paslynyň iň süýji nygmatlarynyň biri bolan garpyz ilki Afrikada ýüze çykyp, soňra beýleki ýurtlara ýaýrapdyr. Gadymy Müsürde çekilen suratlarda hem garpyz şekillendirilipdir. Taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, garpyzyň mundan 4000 ýyldan köpräk wagt öň ýüze çykandygyny anyklamak mümkin. Güneşli ülkämiziň hem ähli sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilýän garpyz bakja ekinidir. Ol ýere ýazylyp ösýän, ýapraklary ýasy we uly, gülleri jaňjagaz şekilli birýyllyk ösümlikdir. Garpyzyň gadymy görnüşi bolan ysly garpyz, esasan, günorta Aziýada ösüp ýetişýär. Onuň işdäňi açyjy ysy bar. Garpyz gawuna seredeniňde ulurak we suwly bolýar. Käbir garpyzlar 20 kilogram we ondan hem ýokary agramly bolup bilýär. Onuň paçagy gaty we ýaşyl, köplenç bolsa, açyk ýaşyl torly bolýar. Garpyzyň eti gyrmyzy, sary we gyzyl bolup bilýär. Garpyzyň bişip ýetişmegi üçin yssy yklym gerekdir. Ol ýer doly gyzandan soň ekilýär. Garpyzy doly bişen ýagdaýynda iýmek maslahat berilýär. Onuň paçagyndan gaýtadan işlenen bal hem taýýarlap bolýar.