Gawun kaky

Jemgyýet
21.01.2026
68

Gawun kaky

Gawun kaky öz taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen gawun kaklarynyň ýurdumyzdan uzak ülkelere äkidilendigi barada maglumatlar bar. Gawun kaky adam üçin peýdaly önümleriň biridir. Çogly güneşiň nuruny, sahy, mes topragyň süýjüligini, ekologik taýdan arassalygyny we reňkini özünde jemleýän gawun kaky tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Güýz paslynda mazaly bişen gawuny zaýalamazlyk üçin ondan diňe bir gyşda däl, ýylyň ähli paslynda iýmek üçin kak edilipdir. Kak gowy bişip süýjän gawuny dilip, onuň etini paçagyndan aýryp, ýüpi içinden geçirip asyp goýmak ýa-da serip goýmak bilen taýýarlanylýar. Çogly Günüň astynda birnäçe günläp serlenden soňra taýýar bolan kak ýygnalyp, biri-birine towlanyp birleşdirilýär. Gyzyl, ak reňkli gülaby gawunlarynyň eti dykyz we tagamy örän süýji bolýar. Gowy gawun kakyny taýýarlamak üçin azap siňdirmeli bolýar. Ýüpe düzülen ýa-da serlen gawun kakyny mör-möjeklerden goramaly.

Täze habarlar