Gazak topragynda gazanylan üstünlik

Medeniýet
12.10.2025
121

Gazak topragynda gazanylan üstünlik

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Şamyrat Myratjanow kalbyny sungata söýgi eýelän, geljegine uly ynam bildirilýän zehinli çagalaryň biri. Muňa ýaş zehiniň häzire çenli aýdym aýtmakda, gyjakda saz çalmakda gazanan üstünlikleri bilen tanyş bolanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Golaýda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TURKSOÝ) tarapyndan yglan edilen çagalaryň halkara döredijilik festiwalynda ýekelikde saz çalmak ugry boýunça gyjakda türkmen halk sazlaryny ezberlik bilen ýerine ýetirip, birinji orny eýelemegi onuň aýdym-saz sungatyna bolan höwesini has-da artdyrdy.

Okuwdan boş wagtlarym Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň gyjak bölümine gatnaýaryn. Ol ýerde maňa mugallymym Parahat Nejepow halypalyk edýär. Şeýle-de gyjakda saz çalmagy öwretmekde häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okap ýören Gurbanberdi Saparow yhlasyny gaýgyrmady. Mekdepde, şäherde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerinde, baýramçylyklarda, okuwçylaryň arasynda guralýan bäsleşiklerde yzygiderli çykyş etmegim bu ugurdan kämilleşmegime ýardam berýär. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmagym sungata bolan söýgimi, höwesimi artdyrdy. Çagalaryň arasynda geçirilýän «Merdana nesil», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiklere-de gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum — diýip, gürrüň berýän, türkmen gyjagynyň owazyny gazak topragynda ýaňlandyryp, sylag-serpaýa eýe bolan Şamyrat Myratjanowa geljekde hem maksatlarynyň myrat tapmagyny, aýdym-saz äleminde diňe üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.