Gazlar
“Kölünde garkyldar guba gazlary” diýlip aýdymlarda-da waspy ýetirilýän gazlar ýurdumyzdan uçup geçýärler. Olar uçuş mahaly barýan ýerlerine çenli birnäçe gezek düşleýärler, dynç alýarlar we iýmitlenýärler. Uçuş döwründe gazlar sürüsiniň başyny onuň serdary çekýär. Sürülerde maşgala bolup ýaşaýarlar. Gazlaryň mäkiýany 5-6 sany ýumurtga guzlap, olary basyp oturýar. Ýurdumyzyň günorta-gündogar sebitlerinde duş gelýärler. Suwuň ýalpak ýerlerinde bitýän ot-çöpler bilen, ösümlikleriň däneleri bilen iýmitlenýärler. San taýdan azalandygy sebäpli olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Gazlar Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň Esenguly bölüminde goralýar.
Gazlar güýz düşüp, howa sowap başlanda, maýyl ýurtlara uçup geçýärler. Halkymyzda “Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi - gapyňy” diýen nakylyň döremegi hem howanyň ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.