Geçmişden ýadygär küýzeler
Ata-babalarymyz durmuş-güzeran şertlerinde küýzeleri köp ulanypdyrlar. Hatda olar ak öýlerini dürli görnüşli küýzeler bilen bezäpdirler. Sebäbi içi-daşy gök, ýaşyl, sary syrçalar bilen bezelen dürli ölçegdäki küýzeler ak öýe özboluşly milli öwüşgin beripdir. Syrçalanan küýzelere, köplenç, ýag, çal, süýt ýaly önümleri guýupdyrlar. Syrçasyz küýzelerde suw saklanypdyr. Ol küýzeler içimlik suwlaryň uzak wagtlap dury hem sowuk saklanmagyny üpjün edipdir. Eždatlarymyz küýzeleriň dört görnüşinden has köp peýdalanypdyrlar. Olar golça, gorküýze, hum we suwküýzedir. Golça — küýzäniň kiçi görnüşi bolup, boýy pes, agzy giňräk görnüşde ýasalypdyr. Sebäbi oňa salynýan gowurma, ýag ýaly önümlere adamyň eli ýeter ýaly bolmaly. Ol öýüň iň köp ulanylýan hojalyk gaby hasaplanypdyr. Gorküýze — gabarasy uly, iki ýa-da dört tutawaçly küýze görnüşidir. Onuň içine syrça urulýar-da, daş ýüzi şol durkuna galýar. Çarwalar bu küýzede çal, çaşyk, saryýag, künji ýag ýaly azyk önümlerini saklapdyrlar. Hum — adyndan belli bolşy ýaly, iň uly küýzedir. Ony bir ýerden başga bir ýere diňe düýe bilen göçüripdirler. Humuň içinde bugdaý, arpa, mäş, noýba ýaly hojalyk üçin zerur bolan ätiýaçlyk önümlerini goýupdyrlar. Göwrüminiň uly bolanlygy üçin öýde köp ýeri tutup durmasyn diýip, ony diňe agzy görnüp durar ýaly edip, ýere gömüpdirler. Kerki etrabynyň günorta-gündogar künjeginde ýerleşýän «Mürzebeggala» ýadygärliginden tapylan uly hum küýze biçak ululygy bilen köpleri haýran galdyrdy. Suwküýze — göwrümi 10 — 15 litr bolup, diňe suw saklamak üçin ulanylypdyr. Sebäbi ol küýzeleri göterip, çeşmä suwa gidýänler diňe zenanlar bolansoň, olara aşa agram düşmesin diýip, suwküýzeleri kiçiräk ýasapdyrlar. Bu küýzelerdäki suw sowuklygyny uzak wagtlap saklapdyr. Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde şeýle küýzelerden häzirlerem peýdalanylýar. Diýarymyzyň geçmişine degişli şeýle gymmatlyklar bu günki nesillerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Halkymyzyň geçmişinden söhbet açýan gymmatlyklary toplap, olary ylmy esasda öwrenmekde alymlarymyzyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Oňa her birimiziň hem mynasyp goşant goşmagymyz gerek. Ata-babalarymyz bu babatda «Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz» diýen pähimi miras galdyrypdyrlar.