Gel, Täze ýyl, şan berip bedew batly Diýara!

Çäreler
14.01.2026
158

Gel, Täze ýyl, şan berip bedew batly Diýara!

Bereketli Balkan topragynda hem Täze ýylyň baýramçylyk dabaralary biri-birine ulaşdy. Balkanabat şäheriniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada oturdylan welaýatyň Baş arçasynyň ýanynda guralan esasy baýramçylyk dabarasy aýratyn täsirli boldy. 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen hoşlaşyp, 2026-njy ýyly — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylyny garşylamak dabarasyna şäheriň köp sanly ýaşaýjylary, welaýatymyzyň çar künjünden gelen myhmanlar ýygnandylar. Aýazbabadyr Garpamyk, il sylagly ýaşulular, toý lybasly bagtyýar çagalar dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Göni ýaýlym arkaly guralan teleköpri welaýatymyzyň bagtyýar raýatlaryna baýramçylyk şatlyklaryny, tamamlanan ýylda ýetilen belent sepgitlere bolan ýürek buýsançlaryny, Täze ýyl bilen bagly ýagşy arzuwlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen paýlaşmaga şert döretdi. Ýaşuly nesliň wekiliniň gutlag çykyşynda aýratyn nygtaýşy ýaly, tamamlanan ýyl halkymyzyň durmuşynda beýik tutumlaryň amala aşyrylan, taryhy wakalaryň biri-birine ulaşan ýyllarynyň biri boldy.  2025-nji ýylda sebitde önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalar ulanmaga tabşyryldy hem-de düýbi tutuldy. Dabarada durmuşymyzyň bezegi bolan bagtyýar çagalaryň joşgun bilen aýdyp beren goşgulary, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren küştdepdi tansy ýürekleriň töründen çykýan şeýle nurana arzuwlar bilen ajaýyp sazlaşyk tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy dabaranyň iň bir tolgundyryjy pursadyna öwrüldi. Dabara gatnaşyjylar Gutlagy üns berip diňlediler hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Şunlukda, 2025-nji ýyl bilen hoşlaşylyp, 2026-njy ýyl — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly şatlyk-şowhun bilen garşylandy.

Täze habarlar