
Gerkez obasyna ýoluňyz düşse
Magtymguly etrabynyň merkezinde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň Gerkez obasyndaky şahamçasynyň häzirki binasy akyldar şahyryň doglan gününe bagyşlanyp, 1983-nji ýylda gurlup ulanmaga berilýär. Şol günden bäri syýahatçylaryň örän köpüsiniň gelip-giden ýeri bolan bu medeni ojakda beýik akyldar şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplaryna uly orun berilýär. Magtymguly atamyzyň Meňlä ýasap beren ýüzügi bilen aýal dogany Zübeýda Hindistandan sowgat getirip beren çäýnegini synlamak has-da ýakymly. Bu gymmatlyklar uzak ýyllaryň dowamynda ýerli ilatyň arasynda mukaddes zatlar hökmünde saklanyp, dürli döwürlerde muzeýe ýadygärlik hökmünde gowşurylypdyr.
Şahyryň Zübeýda üçin Hindistandan sowgat getiren çäýnegi Magtymguly Pyragynyň ýegeni Gurbandurdy Zeliliniň ogly Mämmetdöwletiň maşgalasy Hally ejäniň gyzy Nurygarry tarapyndan muzeýe sowgat berilýär, Meňlä ýasan ýüzügini bolsa etrabyň ýaşaýjysy Gurbangeldi Baýramgeldiýew öýünde saklaýan köne kitabynyň arasyndan tapyp, 1979-njy ýylda muzeýe tabşyrýar.
Muzeýdäki ähli zatlar özüne çekiji. Milli egin-eşikleri, at esbaplaryny, irki döwürlerde öý hojalygynda giňden ulanylan gurallary synlanyňda, milli mirasymyza bolan buýsanjyň artýar. Gowurdakdyr ýag saklamak üçin ulanylan depbe, uzak ýerlerden suw daşamaklyga niýetlenen suwkädi, Parhaýdan, Çendir jülgesinden tapylan küýzelerdir küýze bölekleri, Monjuklydepeden tapylan, X asyra degişli bolan jaňjagaz, XVII-XVIII asyrlarda däneli ekinleri saklamak üçin ulanylan hum küýze, irki döwürlerde düýe ýüňi daralan üýtgeşik darak bada-bat ünsüňi özüne çekýär.
Umuman, Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyna ýoluňyz düşse, bu muzeýe baryp görmekligi maslahat berýäris.