«Giňderede» giň mümkinçilikler bar

Ykdysadyýet
16.04.2024
83

«Giňderede» giň mümkinçilikler bar

Ýurdumyzy bedew bady bilen ösdürmeklige, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmeklige Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy işewürler hem uly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Giňdere” hususy kärhanasy hem Balkan welaýatynda joşgunly zähmet çekýän kärhanalaryň biridir.

-Ajaýyp zamanamyzda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan gurluşyk senagatynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini çykarmaga mümkinçilik berýär.

“Giňdere” hususy kärhanamyzyň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky önümhanasynda hem dürli gurluşyklarda ulanylýan suwdan we çygdan goraýjy izogam öndürilýär. Mälim bolşy ýaly, bu islegli önümleri taýýarlamakda polimer we polipropilen önümlerinden ybarat bolan dokalmadyk matalar we alýumin gatlaklary hem-de bitum ulanylýar. Önümiň bu görnüşi ýerasty we ýerüsti gurluşyk işleriniň ömrüni uzaltmakda, çygdan goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçinem öndürýän önümlerimize isleg bildirýän müşderileriň sany yzygiderli artýar. “Giňdere” haryt nyşany bilen öndürilýän önümler içerki bazarlar bilen birlikde, Gazagystan, Owganystan we Özbegistan döwletlerine hem satuwa ugradylýar.

Ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 1 million inedördül metrini öndürmäge niýetlenen önümhanamyz Eýran Yslam Respublikasynyň döwrebap enjamlary hem-de tehnologiýalary bilen ygtybarly üpjün edildi. Kärhanada önüm öndürmek üçin gerekli çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem ýerli hususy kärhanalardan alynýar- diýip, “Giňdere” hususy kärhanasynyň baş inženeri Begmämmet Goýunlyýew gürrüň berýär.