“Goçak” nagşy

Taryh
03.09.2024
32

“Goçak” nagşy

Türkmen el işlerinde, külalçylygynda we beýleki senetlerinde “goçak” nagşyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ol gadymylygy we örän giň ýaýranlygy, çuň manylylygy bilen tapawutlanýar. “Goçak” nagşynyň aňyrsynda ýaramaz güýçlere böwet bolýan adatdan daşary täsin güýç-kuwwatyň eýesi, bela-beterden goragçy hökmünde alamatlandyrylýan dag tekeleri dag goçlary we keýikler bar. Olaryň şahlary nagyş hökmünde şekillendirilipdir. “Goçak” nagşy göz-dilden, görner-görünmez bela-beterlerden gorasyn diýen ynanç bilen bagly döräpdir.

“Goçak” nagşy türkmen haly önümleriniň esasy nagyşlarynyň biri bolup, ol “goçak”, “ýaşyl goçak”, “dürli goçak”, “sekiz goçak” ýaly atlar bilen atlandyrylýar. Içmek taýýarlananda onuň jübüleriniň aşagyndan şahlary aşak bakyp duran “goçak” nagşy pugtalanýar. Küýze önümlerinde hem bu nagyş giňden peýdalanylypdyr. Halkymyzda tamdyr keramatly hasaplanýar we onuň ýüzünde-de ullakan goçak şekillendirilýär. Bu goçak tamdyry we onuň eýesini gorarmyş diýlip yrym edilýär.