Gök çaý
Türkmen halkynyň hem iň halaýan içgileriniň biri bolan gök çaý diňe bir argynlygyňy aýyrman, eýsem, adam saglygy üçin hem peýdalydyr. Onuň täsir edijiligi gara çaýyňkydan üç esse ýokarydyr. Gök çaýyň düzüminde ýüzden gowrak himiki element bolup, bu içgi infarkt, insult ýaly bejermesi kyn bolan birnäçe kesellerden goraýar. Bu hakykat alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde kesgitlenildi. Çaýyň 15-20 minutdan demini alýanlygy, şondan soň içseň jana şypa berýändigi hem ylmy taýdan subut edildi. Şeýlelikde, «Gök çaý adamlary köp kesellerden goraýar» diýip, şübhelenmän aýdyp bolar. Adam birden sowuklap, gyzdyryp, üşüdäýen ýagdaýynda, käsä birki çaý çemçesi ary balyny guýup içse, derçigip, ýagdaýy gowulaşýar.