Gök önümler bol bolar
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök we miwe önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhana 2021-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň sanly ulgam arkaly beren ak patasy bilen açylyp, ulanyşa girizilipdi. Geçen möwsümde bu ýerde 400 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýygnalyp, diňe bir Balkan welaýatynyň däl-de, paýtagtymyz Aşgabadyň we Mary welaýatynyň hem ak bazarlarynda ilatymyza elýeterli bahalardan satyldy. Bulardan başga-da ýetişdirilen hasylyň bir bölegi goňşy Russiýa we Gazagystan döwletlerine hem eksport edildi.
Häzirki wagtda bolsa ýyladyşhanada ,,reňkli bulgar’’ diýlip atlandyrylýän süýji burçuň bol hasyly ýetişdirilýär. Eýýäm bu islegli önümiň 40 tonnadan gowragy ak bazarlarymyzda satylyp, ilatymyzyň bereketli saçaklaryny bezedi 2 gektar özleşdirilen ýerde ,,reňkli bulgaryň’’ 45600 düýbi oňat boý alypdyr. Olardaky ýetişen gyzyl, sary, ýaşyl reňkli, iri göwrümli burçlaryň her biriniň agramy 350-400 grama ýetýär.
Daşary ýurtlardan satyn alnan ,,kokorit’’ topragynda ekilen ,,reňkli bulgarlara’’ idegiň ähli görnüşleri, ýagny ekinleriň suw, dürli dökünler bilen üpjünçiligi, ekilen ekinleriň göwnejaý boý alşyna gözegçilik awtomatik usulda ýerine ýetirilýär. Diňe ýyladyşhananyň çäginde arassaçylygy berjaý etmek, hasyly ýygnamak we alyjylara ugratmak ýaly işler el güýji bilen edilýär. Häzir bu hususy hojalykida jemi 25 işgär zähmet çekip, olar Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ilatymyzy bol azyk önümleri bilen üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerine amal etmek, şu möwsümde içerki bazarlarymyza we daşary ýurtly alyjylara 220 tonna golaý ,,reňkli bulgar’’ önümlerini ýetişdirip çykarmak ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler.
Mähriban Arkadagymyz halkymyzy ýylyň tutuş dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmek ugrunda ähli tagalalary edip, biz telekeçileriň bu ugurda öndürijilikli işlemegimiz üçin zerur şertleri döredip berýär. Şolardan ýerlikli peýdalanyp, özümize bildirilýän ynamy ödemek, halkymyzy elýeterli bahalardan ter gök önümler bilen üpjün etmek ugrunda ähli güýç-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän we täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir – diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, ýyladyşhananyň işleri dolandyryjysy Myratdurdy Nazlyýew gürrüň berýär.