
Gök önümleriň bol hasyly
Türkmenbaşy şäherindäki ýyladyşhana ýurdumyzyň çäklerinde birbada işe girizilen alty sany ýyladyşhana toplumlarynyň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan işjanly telekeçi Sapardurdy Nazlyýewiň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan ýyladyşhanasy gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Ekerançylyk meýdany 4 gektara barabar bolan ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen, täze iş orunlarynyň onlarçasy döredildi. Toplumda ilkinji gezek ýygnalan pomidoryň bereketli hasyly içerki hem-de daşarky bazarlarda ýerleşdirildi.
Öz işine oýlanyşykly çemeleşýän telekeçi ýyladyşhanasynda bolgar burçunyň biri-birinden reňkleri, tagamy, möçberi babatda tapawutlanýan görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekligi guramaçylykly ýola goýmagy başardy. Ýetişdirilen bolgar burçunyň hasylyny ýygnamak işleriniň geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri dowam edip gelýändigini bellemek gerek. Üstümizdäki ýylyň tomus paslyna çenli dowam etjek hasyl ýygnamak möwsüminiň ahyryna çenli ýyladyşhana toplumynda 180 tonnadan gowrak hasyl ýygnalyp, sarp edijilere ýetirmek maksat edinilýär. Dessine sarp edijilere ugradylýan önümler içerki bazarlarymyzyň geçginli ter gök önümleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýär.
Telekeçiniň ekerançylyk meýdanynda badam agaçlary endigan boý alyp, olardan şu ýyl ilkinji hasyla garaşylýar.