Gökjükdepe

Taryh
10.06.2026
62

Gökjükdepe

Gadymy Dehistanyň Misrian şäherinden 15 kilometr günbatarda ýerleşen we ilat arasynda Gökjükdepe ady bilen belli bolan, biziň eýýamymyzdan öňki ikinji müňýyllyk bilen senelenýän arheologiýa ýadygärligi ýurdumyzyň täsin ýerleriniň biridir. Arheologlar bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde, ägirt uly binanyň üsti açyldy. Binanyň diwarlaryny örmek kiçi ölçegdäki çig kerpiçler bilen ýerine ýetirilip, soňra uly kerpiçler bilen yüzlenipdir. Bu ýerden tapylan keramika gap-gaçlaryň göwrümlerinden, bezeglerinden, syrçalarynyň görnüşlerinden ugur alyp, olaryň ýasalan seneleri, nämä niýetlenilendigi hakynda maglumat almak bolýar. Ösen orta asyrlarda ulanylan keramika çyralaryň köp möçberdäki görnüşleri bar. Ýönekeýje usullar arkaly gijelerine jaýlary ýagtyltmak üçin ulanylan bu enjam metjitlerden, medreseden, minaralardan, şeýle hem ýaşaýyş öýlerinden tapyldy. Medreseden çyralaryň köpçülikleýin tapylmagy okuwa, bilime orta asyrlarda çynlakaý üns berlendigini aňladýar. Tapyndylaryň arasynda suw guşy bolan guwuň şekilinde keramikadan ýerine ýetirilen dürli ses çykarýan kindiwanja jürlewük köp duş gelýär. Degirmen daşlary eksponatlaryň ähmiýetlileriniň biridir. Olar uly we kiçi göwrümlidir. Degirmen daşlarynyň birinjileri gadymy uly akar ýabyň ugrundan tapylyp, ol orta asyr suw degirmeninden galan ýadygärlikdir. Degirmen daşlarynyň ikinji görnüşi el degirmenine degişlidir. Dürli metaldan ýasalan önümleriň agdyklyk edýänleri zenan şaý-sepleridir atyr gapjagazlary, zergärleriň kiçijik göwrümdäki gurallary bolup durýar. Şolaryň hataryna metal teňňeler-de girýär. Orta asyrlaryň külallary gap-gaçlary ýasanlarynda, ownuk-uşak zatlary hem ünsden düşürmezlige çalşypdyrlar. Olar nahar guýulýan tabaklaryň, okaralaryň iç taraplaryny hökmany suratda gopmaýan syrçalar bilen gurşapdyrlar. Olaryň içki düýbüne ýagşy umyt-arzuwlaryň şekilleri bolan guşlaryň suratlaryny, şeýle hem gabyň eýesine uzak ýaş, öýe bol rysgal-bereket dilemek ýaly ýazgylary galdyrypdyrlar.