Gömülgen

Syýahatçylyk
31.08.2023
823

Gömülgen

Bilşimiz ýaly, ýylanlar ýurdumyzda, esasan, daglarda, dag etegindäki düzlüklerde, Garagum çölünde duş gelýärler. Olaryň biri-de gömülgendir. Ol zähersiz ýylandyr. Guma, çägä gömlüp ýatýandygy sebäpli gömülgen diýlip atlandyrylypdyr. Gömülgenler topragy ýumşak düzlük ýerlerde, çägesöw toprakda, takyr ýerleriň gum bilen sepleşýän ýerlerinde hem-de gum depeleriniň arasynda köp gabat gelýär. Gömülgenleriň uzynlygy bir metre ýetýär. Olar gyş ukusyny alakalaryň hinlerinde ýa-da ürgün çägä gömlüp geçirýärler. Tomus aýlary bolsa gijelerine awa çykýarlar. Gömülgenler beýleki ýylanlar ýaly tutan awlaryny diriligine ýuwudýarlar. Olar suwulganlar, serçeler, atýalmanlar we alakalar bilen iýmitlenýärler. Zemzenler, kepjebaşlar, dazzarkeller, çöl gyrgylary bolsa gömülgenleriň duşmanlarydyr.

Bu ýylanlar iýun-iýul aýlarynda ýumurtga guzlaýarlar. Ýumurtgalar taşlanandan 30-40 minut geçenden soň, olardan kiçijik ýylanlar çykýar. Çagalary ýumurtgadan çykanlaryndan soň özbaşdak hereket edýärler we awlaryny tapyp bilýärler.

Täze habarlar