Gönjük
Gönjük ýaş gelinleriň toý-dabaralarda dakynýan bezeg şaýydyr. Onuň ýerligi kümüşden edilip, ýüzüne altyn çaýylýar, hakyk gaşlar oturdylyp, dürli nagyşlar bilen çeper haşamlanýar. Gönjügiň ýokarky we iki gapdal burçy berkidiji halkaly bolýar. Aşaky üçburçluk tarapynda bolsa, örme zynjyrly, ýüzi gaşly aralyk bezegli, güberçekli şelpeleri ýa-da kümüş düwmeleri bolýar. Etegi şelpeli, düwmeli ýasalýan bu şaýa halk arasynda «şelpeli gönjük», «düwmeli gönjük» hem diýilýär. Bu şaý keteni köýnegiň keşdelenen ýakasyna, onuň iki gapdalyna setirleýin düzülen öň teňňeleriň (apbasylaryň) arasyna ýakanyň aşagyndan köýnege çatylyp dakylýar. Kähalatda gara gülli bil guşaga berkidilýär ýa-da nah matadan edilen uzyn boýunbag bilen göbegiň üstünden dakylýar. Geçmişde bu şaýa «göbeklik» hem diýlipdir. Käbir zenanlar gönjügi boýundan asylan bukaw şaýy bilen bilelikde dakynypdyrlar. Bukaw bilen gönjük şaýy täze gelniň toý lybasynyň bezegi bolupdyr. Beýleki şaý-bezeglerden tapawutlylykda, gönjük şaýy göwreli gelinleriň tä çagalary bolýança hökmany dakynýan şaýy bolupdyr. Bu şaý kümüşden ýasalyp, ýaş enäniň we göwredäki çaganyň goraglylygyny hem üpjün edipdir.