Goňur aýy

Fotoreportaž
11.11.2025
236

Goňur aýy

Aýylar maşgalasynyň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri-de goňur aýydyr. Onuň ýaýrawy örän giň bolup, ol Ýewropany, Aziýany we Demirgazyk Amerikany öz içine alýar. Goňur aýy berk beden gurluşly we gysga aýakly iri haýwandyr. Alymlar ýaýrawy giň, dürli ýerlerde ýaşaýan goňur aýylaryň arasynda olaryň köp sanly görnüşlerini tapawutlandyrýarlar. Olaryň käbirleri ululyklary boýunça-da tapawutlanýar. Bedeniniň uzynlygy 2 metrden 2,2 metre çenli bolan aýynyň agramy 150 — 250, käte 350 kilograma ýetýär. Bedeniniň uzynlygy 2,5 metr bolan iri aýylaryň agramy 750 kilograma ýetip bilýär. Aýy daraklygyna basyp ýöreýär. Onuň öňdäki we artky penjeleriniň yzlary biri-birinden tapawutlanýarlar: öňdäki penjelerine uzyn dyrnaklarynyň galýan yzlary mahsusdyr. Olar ýöränlerinde we ylganlarynda şol bir wagtyň özünde ýa iki sag ýa-da iki çep penjelerine basýarlar, şonuň üçin-de, hemişe ikiýan tarapa çaýkanýarlar. Bu aýy tizligini artdyranda örän çalt öňürdiklemäge geçýär, duşmanyna ýa-da awuna topulanda bolsa, örän çalasyn hereket edýär. Goňur aýylar beýleki köp sanly ýyrtyjylara garanyňda, şol bir ösümlikler bilen uzak wagtlap iýmitlenmäge ukyplydyrlar. Adaty ösümlikler onuň esasy iýmitini düzýär. Goňur aýylar däneli ekinleri, gök önümleri, tokaý ir-iýmişlerini, kömelekleri iýýärler, owunjak gurçuklary hem-de garynjalary-da iýýärler. Balary öýjüklerinden özleriniň aýratyn lezzetli iýmiti bolan baly agtaryp tapýarlar. Aýylar örän düşbi haýwanlaryň biridir. Olar baş öwredilmäge ukyply haýwanlaryň ilkinji bäşliginiň hataryna girýärler. Ýurdumyzda ýerleşýän Sumbar we Çendir jülgelerinde aýylar miweler we ir-iýmişler bilen iýmitlenýärler, oňurgaly we oňurgasyz haýwanlary awlaýarlar. Olar hyrawa ösýän üljäniň, alyçyň, almanyň, armydyň, naryň, injiriň, horaçekeniň, hozuň, pissäniň, üzümiň, böwürsleniň, itburunyň we beýleki ösümlikleriň miwelerini hem iýýärler.

Täze habarlar