Gopuz

Medeniýet
11.11.2024
40

Gopuz

Türkmen halkynyň ençeme milli saz gurallary bolup, olar asyrlar aşyp biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şolaryň biri hem gopuzdyr. Bu saz guraly häzirem öz meşhurlygyny ýitirenok. Has irki döwürlerde gopuzlar süňkden ýa-da agaçdan taýýarlanypdyr. Soňra ol demirçi ussalar tarapyndan demirden guýma we gyzdyryp ýençme usullary arkaly ussatlyk bilen ýasalypdyr. Ol arassa polatdan ýasalypdyr. Gopuzyň owazynyň çykyşyna aýratyn üns berlipdir. Köplenç gelin-gyzlar gopuzy el işlerini ýerine ýetirenlerinde, üme edenlerinde çalypdyrlar, gopuz çalmakda ýaryşypdyrlar. “Gelnalyjy getiren”, “Ogry giýew”, “At toýnagy”, “Kerwen gelýär”  ýaly gopuz sazlary at toýnagynyň, dokma-daragyň sesine meňzedilip ýerine ýetirilipdir.