Görenleri haýrana goýýan gözellik

Ýurduň çäginde
05.12.2025
108

Görenleri haýrana goýýan gözellik

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Sumbar jülgesiniň iň ajaýyp ýerleriniň biri Bagandar deresidir. Ol Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde ýerleşýär. Deredäki Peýkamly diýen çeşme 10-12 metrlik kert gaýadan gaýdyp, täsin şaglawugy emele getirýär. Özüniň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan Bagandarda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň ençemesine gabat gelmek bolýar. Bu ýerde guşlaryň käkilik, sülgün, dazzarkel, maslykçy guş, sakgally garaguş ýaly görnüşleri duş gelýär. Haýwanlardan tilki, şagal, alajabars, dag goçy, oklukirpi, süýrenijilerden göklors, kepjebaş, sähra pyşdyly, zemzen deräniň özboluşly tebigatynyň gözelligini artdyrýar. Alma, armyt, nar, hoz ýaly miweler Bagandar deresinde ýabany görnüşde ösüp ýetişýärler. Otjumak ösümliklerden ençemesi, agaçlardan dagdana, kerkawa, yrgaýa, pissä, badama, ýabany injire bu ýerde gabat gelmek mümkin. Umuman, bu ýeriň gözelligi görenleri haýrana goýýar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde