Gorküýze

Medeniýet
18.01.2024
211

Gorküýze

Ýurdumyzda irki döwürlerden bäri küýzegärçilik senetçiligi uly ösüşlere eýe bolupdyr. Küýzegärler gündelik durmuşda ulanylýan dürli görnüşli küýzeleri ýasamak bilen meşgullanypdyrlar. Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýasalanyna asyrlar aşan küýzeleriň ençeme görnüşleri saklanýar. Şolaryň birem gorküýzedir. Bu küýze düýe çaly tutulýan aram ululykdaky içi we daşy syrçaly küýze bolup, XX asyra degişlidir. Onuň dört sany kiçi gulpy bar. Bilşimiz ýaly, gorküýzeler, esasan, düýedarçylyk bilen meşgullanýan hojalyklarda ulanylýar. “Dulda goşa gorküýzesi” diýip şahyryň aýdyşy ýaly, onuň orny öýüň sag dulunda, ýagny gapböwürde bolýar. “Göz degmesin” diýip, küýzäniň boýnuna alaja daňylýar. Gorküýze üçin içi, ýüzi syrçalanan, berdaşly, goruňy buz ýaly edip saklaýan saýlama küýze tutulýar. Täze küýzäni gorküýze edinjek zenan ilki ony ýuwup, arassalap, ýagşy niýet bilen içine bir mukdar duz atyp goýupdyr. Soňra şerebe guýupdyr. Arassa gorküýzäniň çalam tagamly, ýakymly, jana tenekar bolýar. Gorküýze edil tamdyr, saçak ýaly mukaddes hasaplanýar.