Goşa depeli «Akpatlawuk»

Syýahatçylyk
26.02.2024
169

Goşa depeli «Akpatlawuk»

Hazar deňiziniň kenarýakasynyň özboluşly aýratynlyklarynyň biri läbik wulkanlardyr. Biziň ýurdumyzdaky läbik wulkanlaryň hatary Esenguly etrabynyň golaýyndan başlap, demirgazyga tarap gitdigiçe ýokary galýar we Kiçi Balkan dagyna sähelçe ýetmän, onuň günorta-gündogaryndaky Boýadagdan Balkanabada, Mollagara, Hazar şäherçesiniň üstünden Apşeron ýarymadasyna tarap gidýär. Bu ýerlerde olaryň kyrkdan gowragy ýerleşýär. Olaryň her biriniň özüne mahsus aýratynlyklary bardyr.

Şolaryň arasynda goşa depesi bilen tapawutlanýan «Akpatlawugyň» has güýçli özgermelere sezewar bolandygy anyklanylandyr. Şekili babatda konusa çalymdaş, beýikligi 60 metrden gowrak, düýbüniň giňligi 3-4 kilometre ýetýän «Akpatlawugyň» ilkibaşda 30 metre barabar beýiklikdäki üsti tekiz kiçi depesini görmek bolýar. Onuň günorta tarapyna ýapgytlygy 10 metre golaý aşak düşüp, günorta-günbatarda beýikligi 50 - 60 metre, uzynlygy bolsa 100 metre golaý depäniň etegi bilen birigýär.

«Akpatlawugyň» ilkinji depesindäki uly bolmadyk patlawugyň aram-aram işläp durmagyndan akýan läbik akymlar ýene onlarça ýyldan günorta tarapdaky pesligi doldurar diýen çaklamalar bar. Onuň kiçi depesindäki üýtgeşik ses bilen ýarylyp, aşaklygyna akýan goýy suwuklyk insizje derýa meňzeş hanany döredipdir.

«Akpatlawugyň» depesine çykanyňda, ol ýerde hem ep-esli özgertmeleriň bolup geçendigini görmek kyn däl. Munuň özi onda öňkä garanyňda, has köp we kuwwatly läbik akymynyň hereket edýändigini tassyklaýar. Bu ýagdaý töweregiň gözelligine özboluşly görnüş paýlaýar. Güýçli özgermeler bolup geçýän bu depede hananyň giňligi 150 metre baryp ýetýär.

Patlawuklar diňe bir giňligi 150 metre ýetýän çäklerde hereket etmän, onuň golaý-goltumlarynda hem läbikleriň çogup çykýan çeşmeleri bar. Ýokardan akýan läbigiň günüň dowamyndaky wagta görä reňkini üýtgedip durmagynyň özi-de juda täsin hadysadyr.