Syýahatçylyk
08.10.2024
884
Göwenek
Türkmen tebigatynyň täsin guşlary bar. Şolaryň birem göwenekdir. Onuň çüňki we dyrnaklary egri boýar. Özi-de ýyrtyjy guşdur. Göwenege “sähra göwenegi” hem diýilýär. Munuň özi onuň sährada ýaşaýanlygy bilen baglanyşyklydyr. Göwenegiň arkasynyň ýelekleri çypar we goňras tegmilli, kelle, boýun ýelekleri goňras, kül reňkinde bolýar. Ol höwürtgesini, köplenç, sazak, gandym ýaly çöl agaçlarynyň üstünde gurýar.
Daş görnüşi gyrga meňzeş bolan göwenek uçanda pelpelläp uçýar. Iňrik garalandan ekinçiligiň töwereginde peýda bolup, gemrijileri we zyýanly mör-möjekleri iýýär. Howa gurak bolsa, ol hemişe suwly ýerleri agtaryp gezýär.