Goýun bakan çöl tapar

Ýurduň çäginde
10.10.2025
61

Goýun bakan çöl tapar

Türkmen sährasyny goýun malyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu janawaryň häsiýeti ýuwaş, peýdasy hem örän köp. Şonuň üçin, esasanam, oba ýerlerinde olary her hojalykda diýen ýaly görmek bolýar. Halkymyzda goýun maly bilen baglanyşykly aýtgylar hem köp. Çarwadarlar goýny «Ýüňi ýorgan, süýdi sargan» diýip taryplaýarlar. Mundan başga-da «Goýun janawar: «Ot kirpigim ýaly bolsa, agşama çenli kelläm ýalysyny alaryn» ýa-da «Meni bakjak adam toýnagymdanam gaty bolsun» diýenmiş» diýip, könelerden galan gyzykly gürrüňleri berýärler. Munuň özi goýun malynyň hemişe hereketde bolýandygyna, şonuň üçinem ony bakmagyň uly zähmeti, azaby, ýadamazaklygy, ýaltanmazaklygy talap edýändigine şaýatlyk edýär. Goýunlaryň ýaş aýratynlyklary boýunça bölünýändigi hemmämize mälimdir. Guzy dünýä inenden bäş-alty aý geçenden soň gyrkylýar. Şondan soň oňa tokly diýilýär. Bir ýyl geçenden soň bolsa işşek çykýar. Iki ýaşda öweç bolýar. Wagtyň geçmegi bilen, maň, maňramaz diýlip atlandyrylýar. Goýun maly ýylda iki gezek, ýazda hem güýzde gyrkylýar. Zenanlarymyz onuň ýüňüni ýuwup, arassalap, daraýarlar-da, keçe etmek üçin peýdalanýarlar. Haly-palas dokamak üçin bolsa egrip, ýüplük edýärler, reňklere boýaýarlar. Şeýlelikde, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bilen goýun ýüňünden özboluşly ajaýyplyk kemala gelýär. Öýleriň törüni bezemekden başga-da, bu düşekler özüniň ýylylygy, ýakymlylygy bilen hem arzylanýar. Ir döwürlerde goýun ýüňünden öýlere serpik, üzük, durluk, şeýle-de ojakbaşy, namazlyk, keçe, düýehalyk edipdirler. Ýüňüniň göze ýakymly we oňat süýümli bolmagy üçin goýnuň bakysynyň ýetik bolmagynyň zerur şertleriň biridigini onuň bilen iş salyşýanlar aýratyn belleýärler. Goýnuň derisinden içmek, possun, şyrdak, telpek tikilýär. Ata-babalarymyz goýnuň derisinden meşikdir sanaç hem taýýarlapdyrlar. Goýnuň süýdi hem ýokumlydyr. Ondan jana şypa beriji çal edýärler, sargan, peýnir, gurt taýýarlaýarlar. Gatykdan mesge ýagyny alýarlar. Goýun malyny idetmäge, köpeltmäge häzirki döwrümizde hem uly üns berilýär. Behişdi bedewi, arwana düýesi, alabaý iti ýaly, saryja goýny hem halkymyzyň milli baýlygydyr.

Täze habarlar