Gözel tebigatymyz hemişe goralmalydyr
Ýurdymyzyň haýsy künjegine barsaňam onuň ajaýyp tebigaty dürli öwüşginliligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan künjekleriň biri-de gojaman Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Hazar döwlet tebigy goraghanasydyr. Goraghananyň baý we özboluşly tebigaty bar. Onuň ägirt uly giňişliklerinde ösümlikleriň dürli görnüşleri ösýär, haýwanlardyr mör-möjekleriň ýüzlerçe görnüşleri ýaşaýar. Janly tebigat üçin ýangyn iň howply hadysadyr. Şonuň üçin hem ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini pugta berjaý etmek, onuň öňüni almak we ýangyn dörän halatynda ony söndürmek işlerini geçirmek möhümdir. Şonuň bilen bir hatarda adamlarda, ylaýta-da ýaşlarda ýangynyň öňüni almagyň zerurlygy baradaky düşünjeleri kemala getirmek wajyp wezipe bolup durýar. Janly tebigaty ýangyndan goramaga hemmeler öz goşandyny goşmalydyrlar. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleri hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalary bilen bilelikde her ýylyň ýaz-tomus möwsümlerinde tebigaty goramak bilen baglanyşykly wagyz-ündew çärelerini has-da ýygy-ýygydan geçirýärler. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, mekdep okuwçylaryna tebigatyň baýlyklaryny ýangyn howpundan gorap saklamak barada düşünje berýärler. Ýangyn howpsuzlygyny üpjün edýän edaralaryň, goraghananyň hem-de dürli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýaşlara sapaklardan daşary okuwlar hem geçirilýär. Türkmenbaşy şäheriniň mekdep okuwçylarynyň goraghananyň meýdanlaryna, onuň merkezi binasynda ýerleşýän «Tebigat» muzeýine gezelenje gelýändiklerini hem bellemek gerek. Olar Hazar deňziniň we onuň kenarýakalarynyň tebigaty bilen tanyşdyrylyp, dürli mazmunly gürrüňler berilýär. Çagalaryň gatnaşmagynda dürli bäsleşikler geçirilýär.