
Grek hozy
Hoz agajy uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna degişlidir. Bu agajyň ýurdumyzda bir görnüşi duşýar. Oňa grek hozy diýilýär. Welaýatymyzda grek hozy Günbatar Köpetdagda duş gelýär. Magtymguly etrabynyň daglyk ýerlerinde ýabany we medeni görnüşde köpçülikleýin ösüp ýetişýärler. Hoz, esasan, derelerde, çeşmeleriň boýunda has oňat ösýär. Onuň boýy 20-25 metr bolup, onuň şar şekilli ýokary başynyň gabarasynyň giňligi 20 metre çenli ýetýär. Hoz aprel-maý aýlarynda gülleýär. Miwesi sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär. Miwesi togalak ýa-da süýnmegräk şar görnüşli, gara-ýaşyl reňkli galyň gabyk bilen örtülen uly şänik bolýar. Agaçlaşan gabygynyň içinde maňyz ýerleşýär. Doly miwe berip başlamak, adatça, 30-40 ýaşynda başlanýar. Ol amatly howa şertlerinde 300-400 ýyl töweregi ýaşamaga ukyplydyr. Ýogyn agajynyň köki çuň gatlaklara uzap gidip, ygaly sorup alýar we şonuň netijesinde, howanyň çyglylygyny artdyrýar. Hozuň maňzynyň dermanlyk häsiýetleri hem ýokarydyr.