
Gül goýuşlyk dabarasy
Güneşli Diýarymyzda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabaralara beslendi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu baýramçylyk mynasybetli Balkan welaýatynda ýaýbaňlandyrylan çäreler hem biri-birine ulaşdy. Baýramçylyk güni ir säher bilen Balkanabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter gül desselerini goýmak dabarasam ýatda galyjy pursatlara beslendi. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we ýaşlar beýik şahyry hormatlap, onuň ýadygärligine gül çemenlerini goýdular. Bu pursatlar Magtymguly Pyraga halkymyzyň söýgi-buýsanjynyň egsilmezdigini nobatdaky gezek görkezdi.