Gulakhalka

Taryh
04.09.2024
8

Gulakhalka

Türkmen zenanlarynyň durmuşyna gadymy döwürlerde ornaşan şaý-sepleriň biri-de gulakhalkalardyr. Halkymyzda ir döwürlerden bäri gyzjagazlar bäş ýaşyna ýetmänkäler gulak deşdirmek “dabarasy” uludan tutulypdyr. Bu iş eli ezber enelere ynanylyp, gulak deşilensoň oňa işilen saryja sapak dakylypdyr ýa-da sübseligiň gurap, iki tarapy ýakylan çöpjagazy ildirilipdir. Ýara bitensoň bolsa gyzjagaza altyn ýa-da kümüş gulakhalka sowgat berlipdir.

Gulakhalkalar gadymy döwürlerde, esasan, ýarym Aý, gül, miwedir ir-iýmişler, şeýle-de galkan görnüşinde bolup, zergärler olarda tawus, kepderi, guw ýaly guşlaryň, kebelekleriň keşplerini sünnälik bilen şekillendiripdirler. Gulakhalkalar altyndan ýasalyp, olara dürli gymmat bahaly daşlar salnypdyr. 

Türkmen zergärleri gulakhalkalary köplenç kümüşden ýa-da altyn çaýylan edip ýasapdyrlar. Olar gyz-gelinleriň ýaşyna görä dürli ululykda ýasalyp, gaşlary esasan, pöwrize we hakyk daşlaryndan bolupdyr. Ussat zergärlerimiz gulakhalkalary şelpeler, kiçiräk halkalar bilen bezäpdirler.