Gulanlar
Haýwanat dünýäsiniň özboluşly wekilleriniň biri bolan gulanlar gylýallar maşgalasyna degişlidir. Olaryň gulaklary eşekleriňkiden gysga bolsa-da, atyňkydan uzyndyr. Arkasy eşekleriňki ýaly gönüdir, gysga guýrugynyň ujunda bolsa çotga şekilli çöpürleri bar. Emma ol eşege garanda has syratly, güýçli we uludyr.
Gulanlar süri bolup ýaşaýarlar. Olar gurak şertlere has oňat uýgunlaşandyr. Şor suwy-da içmäge ukyplydyrlar. Geçmişde gulanlar ýurdumyzda daglaryň gaýalyk ýerlerinden, dag we derýaýaka tokaýlardan, gamyşlaryň gür jeňňelliklerinden hem-de batgalyklardan beýleki ähli pesliklerde, dag etegi baýyrlyklarda ýaşapdyrlar. Däneli ösümlikler, ýowşanlar we şoralar gulanlaryň esasy iýmiti bolup durýarlar.
Gulanlaryň häzirki ýaýrawy we sanynyň artmagy suw çeşmelerine baglydyr. Ýylyň gurak we yssy döwürlerinde, otlaryň çyglylygy pes bolanda, gulanlar suwy yzygiderli içmeli bolýarlar. Ýyndam we örän çydamly haýwan bolan gulanlaryň görüş, eşidiş we ys alyş synalary has ösendir. Olaryň ýanyna duýdansyz golaýlaşmak mümkin däl diýen ýalydyr.
Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan Sumbar jülgesine gulanlaryň 42-si getirilip goýberildi we 60 başa ýetirildi. Günbatar Köpetdagyň orta daglyklarynyň we pes daglyklarynyň giň giden ýarym çöllük meýdanlary ekologiýa şertleri boýunça gulanlaryň uly toparlaryny kemala getirmek üçin örän amatlydyr.
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri gulanlaryň ýaşaýan ýerlerine, iýmitlenişlerine, köpelişlerine, özlerini alyp baryşlaryna, topardaky sanlaryna ylmy gözegçilik geçirýärler. Toplanan maglumatlara ylmy esasda seljerme berýärler. Gulanlary gorap saklamak we köpeltmek üçin wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Bu bolsa oňat netijelerini berýär.