Güli owadan keçeler

Medeniýet
27.07.2023
511

Güli owadan keçeler

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Türkmen milli keçesiniň nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmegi, zenan edebini, asylly gylyk-häsiýetlerini beýan etmegi, ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan höwesi artdyrmagy maksat edinen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, zenanlar keçe taýýarlamakda ulanylýan gadymy usullar, gerekli gurallar barada gürrüň berdiler. Keçä salynjak ýüňleri saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek, keçe salmaga niýetlenip çykalýan gamşyň taýýarlanylyşy ýaly işleri görkezdiler. Keçäniň görnüşleri, olara salynýan nagyşlaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Keçe bilen baglanyşykly rowaýatlary, yrymlary, nakyllary aýdyp berdiler. Gülli keçeleri gazallarda, goşgularda, aýdym-sazlarda wasp etdiler.

Bäsleşikde Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň müdiriniň orunbasary Güljemile Bedeneýewa we Balkanabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Ogulsona Gylyçmämmedowa dagy ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.