Gülki sowgady
Täze ýyl mynasybetli dürli mazmunly baýramçylyk çäreleri biri-birine ulaşýar. Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň baýramçylyk öwüşginleri bilen sazlaşýan ajaýyp sahnasynda iki günläp dowam eden «Gülki sowgady» atly degişme oýny, medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary şeýle çäreleriň üstüni ýetirip, tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Teatryň artistleri Arslan Mämmetgulyýewiň, Rusdam Arazmämmedowyň, Berdi Berdiýewiň, Bäşim Ataýewiň, Arslan Hojagurbanowyň ýerine ýetiren degişme sahnalary tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berdi. Joşgunly aýdym-sazlar hem tomaşaçylara ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. «Bagtyýarlyk» hem-de «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparlarynyň ýerine ýetiren milli tanslary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.