Gülüň owadan!

Medeniýet
01.08.2026
99

Gülüň owadan!

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň şäher tapgyry «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Onuň şertlerine laýyklykda, zenanlar keçe taýýarlamakda ulanylýan gadymy usullar, gerek bolýan gurallar we olaryň atlary barada gürrüň berdiler. Keçä gerekli bolan ýüňi saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek, keçäniň gamyşyny taýýarlamak ýaly işleri birin-birin görkezdiler. Keçelere gadymy nagyşlara täze öwüşgin berip güllediler. Keçäni salmakda we basmakda bäsleşdiler. Keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, ozaldan dowam edip gelýän söhbetleri aýdyp berdiler. Bäsleşigiň jemi boýunça Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisi Amantäç Bagyýewa birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparynyň bagşysy Aýsoltan Allagulyýewa ikinji orunlara mynasyp boldular. Olar bu bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyryna gatnaşarlar.