Gum ýylagy

Jemgyýet
23.02.2026
31

Gum ýylagy

Türkmen topragyndaky aýratyn ähmiýete eýe bolan ösümlikleriň biri hem gum ýylagydyr. Topalaklar maşgalasyna degişli bolan bu ösümlik 10-30 santimetre çenli ösýär we çägelik, gumluk ýerlerde duşýar. Güýçli ösen kök ulgamy we gür baldaklary onuň çöl hem-de gurakçylyk şertlerinde ýaşamak ukybyny artdyrýar.  Gum ýylagy ýaz paslynyň başynda gögerip, maý aýynda doly ösýär. Güýzde we gyşda onuň guran baldaklary mallar üçin örän peýdaly ot-iým hökmünde ulanylýar. Şeýlelikde, ýylboýy öz peýdalylygyny ýitirmeýän bu ösümlik, maldarçylyk üçin möhüm orny eýeleýär. Gum ýylagy çöl tebigatynyň durnuklylygyny saklamak üçin hem örän möhümdir. Onuň kök ulgamy topragyň ýokarky gatlagyny berkitmek bilen, çägeleriň göçmeginiň öňüni alýar. Gum ýylagynyň özboluşly aýratynlyklarynyň biri hem onuň tohumlarynyň ýaýraýyş ukybydyr. Gum gerişleriniň depesindäki tohumlar sowuk we gurak şertlerde hem başga ýerlere ýaýraýar. Bu bolsa onuň çöl tebigatynyň dürli ýerlerine uýgunlaşandygyny görkezýär. Türkmenistanda gum ýylagynyň iki görnüşi duşýar. Çägelik ýerlerde ak ýylak görnüşi giňden ýaýrap, dag eteklerinde onuň gara ýylak görnüşine duş gelmek bolýar. Bu görnüşleriň ikisi hem peýdalydyr.

 

Täze habarlar