
“Gumdagnebitdäki” guwandyryjy netijeler
Balkan welaýatynyň nebit-gazçylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny uly zähmet üstünliklerine besleýärler. Dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy 30 ýyllyk senesi dürli derejeli çärelere beslenýän ýylyň geçen döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi tarapyndan häzire çenli gaz kondensaty bilen bilelikde ýerastyndan çykarylan «gara altynyň» umumy möçberiniň 201 müň 119 tonna barabar bolmagy hem munuň aýdyň kepilidir. Bu bolsa müdirligiň merdana nebit-gazçylary tarapyndan iş meýilnamasyna 113 göterimden gowrak hötde gelnendiginiň güwäsidir. Çykarylýan uglewodorod çig malynyň ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýjilerine bökdençsiz ugradylýandygyny hem bellemek gerek.