Gündogar tuýasy
Ýurdumyzda giňden ýaýran bezeg agaçlarynyň biri gündogar tuýasydyr. Bu daragt serwiler maşgalasyndan bolup, keşbiniň ajaýyplygy bilen aýratyn ünsi çekip bilýär. Ol, köplenç, dag şertlerinde ösýän hem bolsa, soňky ýyllarda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän pürli bezeg agaçlaryň arasynda esasy orny eýeledi. Onuň ýylyň bütin dowamynda gök öwsüp oturmagy köpleriň bu agaja uly üns bermegine, bezeg hökmünde peýdalanmaga isleg bildirmegine getirýär. Gündogar tuýasynyň boýy 5 - 10 metre, ýogynlygy 1 metre çenli ýetýär. Ol biziň howa şertlerimize öwrenişen bolup, bu babatda örän durnuklydyr. Ýeri gelende, onuň tiz boý alýan agaçlaryň hataryna girýändigini-de aýtmak gerek. Bu agajyň şahalaryny gyrkyp, oňa dürli şekilleri berip bolýandygyny hem bilip goýanyň ýagşy.