Günebakar

Ykdysadyýet
12.11.2025
20

Günebakar

Beýleki ösümlikleriňkä meňzemeýän üýtgeşik aýratynlyklary bolan günebakar Gün şöhlelerini yzarlap, hereket arkaly şol tarapa öwrülýär. Şeýle ýagdaý günüň dowamynda Günüň ýerleşýän ýerine görä birnäçe gezek üýtgeýär. Bu hadysa ylmy dilde «geliotropizm» diýlip atlandyrylýar. Taryhy maglumatlara görä, adamzadyň durmuşyna has gadym döwürlerde aralaşan günebakaryň häzirki wagtda görnüşi köp bolup, olaryň iň uly görnüşiniň boýy 9,5 metre, gülüniň diametri bolsa 82 santimetre deňdir. Iň kiçi görnüşli günebakaryň boýy bary-ýogy 5 santimetre ýetýär. Jemi 70-den gowrak görnüşi bolan günebakar ösümliginiň gyzyl, goňur, gyrmyzy reňklileri hem bar. Bu ösümlikden ýag alnyşynyň taryhy hem örän gyzyklydyr. Maglumatlara görä, günebakardan ýag alyp boljakdygyny ilkinji gezek 1829-njy ýylda Russiýanyň Woronež guberniýasyndan Daniil Bokarew atly daýhan subut edipdir. Ol günebakaryň çigidinden kedr hozunyň maňzyna meňzeş tagamy duýýar. Kedr hozundan ýag almagyň usulyndan habarly daýhan, dessine günebakar çigidinden hem ýag almagyň ugruna çykýar we tiz wagtda ondan arassa hem tagamly ýag almagy başarýar. Meksika günebakaryň asyl watany hasaplanylýar. Bu ösümlik Ýewropa XVI asyryň başynda ispanlar tarapyndan getirilýär.

Täze habarlar