Gupba
Türkmen halkynyň iň gadymy şaý-sepleriniň biri bolan gupba gyzlaryň tahýasyna dakylýar. Zergärler gupbalary ýasan wagtlary şelpeler, gaşlar, nagyşlar bilen bezänlerinde gyzlaryň ýaş tapawutlaryna uly üns beripdirler. Şol esasdan, uly gyzlara iki, üç gatly «agyr gupba» diýlip atlandyrylýan gupbalary ýasapdyrlar. Ýaşy kiçi gyzjagazlara niýetläp bolsa iki gapdaly şelpesiz ýa-da ýeňil şelpeli gupbalary ýasapdyrlar. Bu gupbalara uly gyzlaryň gupbalaryna garanyňda şaýlar selçeňräk dakylyp, olar ýeňil bolupdyrlar.
Uly gyzlara niýetlenen «agyr gupbanyň» depesinde kümüşden ýasalan uzynja gümmezi bolupdyr. Gyralaryny bolsa gaşly, seýrek ýagdaýlarda gaşsyz şelpeler bilen bezäpdirler. Gümmeziň üstüne gaş goýlup, kähalatlarda gaşlaryň deregine guşlaryň owadan ýelekleri hem dakylypdyr. Ine, gupbanyň şol gümmezine otaga hem diýlipdir.