Gurban baýramy — il agzybirliginiň nyşany

Ýurduň çäginde
06.06.2025
405

Gurban baýramy — il agzybirliginiň nyşany

Gurban baýramy, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem giňden bellenilip geçildi. Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda Balkan welaýat häkimliginiň, Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk dabaralary çuň mazmuna beslendi. Ol ýerde birkemsiz bezelen altyganat ak öýlerde toý supralary giňden ýazyldy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, giňden ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam, el işleriň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, toý gazanlarynda taýýarlanylan milli tagamlar Gurban baýramynyň dabarasyny has-da artdyrdy. Ýaşlar belent-belent bat alyp, hiňňildiklerde uçdular. Sungat ussatlary özleriniň joşgunly aýdym-sazlary bilen toýa gelenlere ruhy lezzet paýladylar. Şirin aýdymlarda täze taryhy döwürde durmuşa geçirilýän beýik tutumlar, Gurban baýramynyň mukaddesligi, ýurt Garaşsyzlygymyz, baky Bitaraplygymyz, halkymyzyň asudalygy, agzybirligi, dost-doganlyk wasp edildi. Halk döredijilik we tans toparlarynyň çykyşlary hem uly şowhun bilen garşylandy. Ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary we sportuň dürli görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlar baýramçylygyň täsirliligini artdyrdy.