Gurban baýramy - ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň baýramy

Çäreler
19.06.2024
502

Gurban baýramy - ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň baýramy

Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň milli däpdessurlarynyň binýady köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýar. Bu baýram türkmeniň haýyr-sahawatlylyk, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýar.

Görnüşi ýaly, musulman halklarynyň, şol sanda türkmenleriň häzirki döwürde giňden belleýän Gurban baýramynyň döreýiş kökleri örän irkidir. Ol hut Oguz nesilleriniň ruhy däbidir. Başyny gadymyýetden alyp gelýän Gurban baýramyny agzybirlikde we jebislikde bellemek türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir. Baýramy bellemegiň däpleri nesilde-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Baýramçylyk, adatça, üç günläp dowam edýär. Şoňa görä-de, gelin-gyzlar, ýigitler toý-baýram geýimlerini öňünden taýýarlaýar. Gurbanlygyň ilkinji güni daň­danlar suwa düşülýär.

Belläp geçsek, Gurban baýramy yslam dünýäsinde iki sany esasy baýramyň biri bolup, ol beýleki bir möhüm baýram - Oraza baýramyndan 70 gün soňra bellenilýär. Döwlet Baştutanynyň ýörite Permany esasynda, şol baýramçylyk günleri Türkmenistanda iş günleri däl diýlip yglan edilýär.

Täze habarlar