Gurbangül Nazberdiýewa - «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi:

Çäreler
16.04.2024
508

Gurbangül Nazberdiýewa - «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi:

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa diýseň uludyr. Pasyllaryň soltany hasaplanylýan bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýylda hormatly Prezidentimiziň adyndan aýal-gyzlara pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, halal zähmeti bilen il içinde abraý alan zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy olara goýulýan hormatyň, sarpanyň nusgalykdygyny görkezýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da Halkara zenanlar gününiň çäreleri biri-birine ulaşdy. Bu baýram meniň maşgalama goşa şatlyk eçildi. Maňa «Ene mähri» hormatly adynyň dakylmagy, maşgalama Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesinden täze ýaşaýyş jaýynyň berilmegi begenjimizi, buýsanjymyzy artdyrdy.

Täze habarlar