Gurjak teatry Balkan welaýatynda

Medeniýet
24.02.2026
23

Gurjak teatry Balkan welaýatynda

Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussatlary Balkan welaýatynyň etrap-şäherlerinde döredijilik sapary bilen boldular. Olar orta mekdeplerdir çagalar baglarynda bolup, ýakymly täsirleri galdyrýan, körpeleri begendirýän «Dostlar» atly sahna oýnuny hem-de «Şadyýan sahnalar» atly aýdym-sazly, degişmeli çykyşlaryny görkezdiler. Sahna ussatlary tarapyndan görkezilen çykyşlar gyzykly, täsirli pursatlara baýlygy bilen tapawutlandy. Şeýle sahna oýunlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş neslinde dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak ýaly belent ahlak duýgularyny terbiýeleýär. Olaryň abadan, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjyny ösdürýär.

Täze habarlar