Ykdysadyýet
16.10.2026
37
Gurluşyk serişdeleriniň möçberi artýar
Balkan kän müdirliginiň işgärleri magdan däl serişdelerini öndürmekde öndürijilikli zähmet çekýärler. Olar şu ýylyň geçen döwründe meýilnamany 108 göterim berjaý edip, magdan däl serişdeleriniň 2 müň kub metrini öndürmegi başardylar. Öndürilen magdan däl serişdeleri sarp edijilere bökdençsiz ugradylýar. Munuň özi ýurdumyzda giň gerimlerde dowam edýän gurluşyklary zerur bolan magdan däl gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.