Gursakça

Medeniýet
06.04.2026
88

Gursakça

Halkymyzyň milli guwanjy bolan şaý-seplerimiz özleriniň çeperçiligi, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Şeýle zenan şaý-seplerimiziň biri-de gursakçadyr.  Bu şaý zenanlaryň boýnundan asylyp dakynýan bezeg şaýydyr. Ol uly göwrümli, süýnmegräk altyburçly şekilde bolýar. Bu şaý kümüşden ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylýar. Onuň ýokarsyndan alaja geçirilip, boýna dakar ýaly iki sany gulp kebşirlenýär. «Ýylanyzy», «çybyk», «bugdaý», «almagül», «islimi» nagyşlary bilen haşamlanýar. Ortasyndan gyzyl reňkli hakykdan birnäçe gaşlar oturdylýar.   Ýüzüne işme zynjyrdan pişme şekilli we üçburçly  geometrik  çyzyklar çekilýär. Aşaky sallanýan bölegine hem gaşlar oturdylar. Şeýle-de bu şaýy örme zynjyrlaryň kömegi bilen naýza şekilli şelpeler bezeýär. Gursakça bezeg şaýy zenanlary del gözlerden goraýar diýen yrym ýörgünlidir.