
Taryh
13.12.2024
182
Gurt
Ata-babalarymyz zaýalanjak önümleri uzak wagtlap saklamagyň medeniýetini bize miras galdyrypdyrlar. Süýt önümleri hem şolaryň biridir. Süýtden peýnir, balgaýmak, sykman, sargan ýaly önümler taýýarlanypdyr. Şol önümleriň hatarynda süzmeden garadylyp taýýarlanýan gurdy görkezmek bolar. Sygyr, goýun, geçi süýdi basyrylyp gatyk, gatyk süzülip, süzme, çekize edilýär. Süzmä duz atylyp, gowy garylýar, soňra el bilen togalanyp, togalak şekil berilýär hem-de tagtadyr gamşyň üstünde serlip guradylýar. Birnäçe günden gurt önümi taýýar bolýar. Bu önüm uzak ýola gidilende, iýmit hökmünde alnyp gidilipdir, nahara ezip garylyp iýlipdir, çal edilipdir.