Guşlar gyşlamaga gelýärler
Hazar deňziniň türkmen kenarynyň howa şertleri, baý iýmitli suw ýataklary demirgazykda ýerleşýän sowuk howaly ýurtlardan uçup gelýän dürli görnüşli guşlary özüne çekýär. Guşlar, esasan, Hazaryň kenarýakasynyň günorta-gündogar bölegindäki Türkmenbaşy, Balkan, Mihaýlowsk we Demirgazyk Çeleken aýlaglarynyň çäklerine ýaýraýarlar. Munuň esasy sebäbi hem ol ýerleriň asudalygy we guşlar üçin iýmit bolçulygydyr. Guşlaryň gyşlamaga gelýän häzirki günlerinde deňiz giňişligine ser salsaň, göwnüň göterilip, kalbyň joşa gelýär. Sakarbaraklar, gyzylgazlar, jüptünler, ördekler, gazlar, çarlaklar, çärikler, çuluklar, guwlar, durnalar, tersaýaklylar we beýleki suw-batgalyk guşlary Hazar deňziniň saý suwly, bol iýmitli ýerlerinde süri-süri bolup mesgen tutýarlar. Gury ýer guşlaryndan köp sanda turaç, soltantowuk, toklutaý, togdary, bezbeltek, käkilik, bedene ýaly guşlara, serçeşekillileriň dürli görnüşlerine duş gelmek bolýar. Hazaryň türkmen suwlaryna süri-süri bolup ir göçüp gelýän guşlar biraz dynç alyp, güýç-kuwwata gelenlerinden soň, günorta döwletlere tarap ýollaryny dowam etdirýärler. Giç gelýän guşlar bolsa gyşy geçirmek üçin saklanyp galýarlar. Bol iýmitli, ýalpak suwly deňiz giňişliklerinde gyşlan guşlar mart-aprel aýlarynda ýene-de demirgazyk tarapa uçup gidýärler.