Guwandyryjy netijeler gazanylýar

Ykdysadyýet
22.08.2026
60

Guwandyryjy netijeler gazanylýar

Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda guwandyryjy zähmet üstünliklerine eýe bolunýar. Bu ýerde dürli görnüşli nebit önümleri öndürilýär. Şol önümleriň biri-de dünýäde ýokary islege eýe bolan polipropilendir. Zawodlar toplumynyň nebiti gaýtadan işleýjileriniň yhlasly zähmetiniň netijesinde bir günüň dowamynda 300 tonna polipropilen zireleri öndürilip, 25 kilogramlyk haltalara gaplanýar. Şu ýylyň başyndan bäri bu ýerde öndürilen polipropilen zireleri 36 müň 800 tonnadan geçdi. Munuň özi önümçilik meýilnamasynda göz öňünde tutulandakydan ep-esli köpdür.