Guwlar
Biziň sebitimize gelýän suw we batga guşlarynyň esasy görnüşleriniň biri guwlardyr. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ýerlerine we olara ýanaşýan meýdançalara guwlaryň üç görnüşi gyşlamaga gelýärler. Guwlar giç göçüp gelýän guşlaryň hataryna girýär. Muňa garamazdan, olaryň az sanlysy awgust aýynda hem gabat gelýär. Olaryň köpçülikleýin uçup gelmegi Hazaryň ýalpak ýerleriniň doly doňýan we güýçli sowuk düşýän wagtyna gabat gelýär. Bu ýagdaýy dekabr, ýanwar aýlarynda görmek bolýar. Ýanwar aýynda guwlaryň sany has köpelýär. Şol ýagdaý fewral aýynyň ortasyna çenli saklanýar. Fewral aýynyň ikinji ýarymyndan başlap, olar göçüp başlaýarlar. Mart aýynda bu guşlaryň sany üzül-kesil azalýar. Hazar döwlet tebigy goraghanasy özüne degişli ýerlerde we ondan daşarda duş gelýän guwlary ylmy taýdan öwrenmekde we geljekki nesiller üçin gorap saklamakda uly ähmiýeti bolan çäreleri durmuşa geçirýär.