
«Guwlyduzdaky» guwandyryjy netijeler
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki «Guwlyduz» kärhanasynda ýurdumyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biri bolan nahar duzuny senagat taýdan özleşdirmekde guwandyryjy işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň himiýa pudagynyň öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan kärhanada tamamlanan ýylyň jemleri boýunça gaýtadan işlemek üçin gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 97 müň 582 tonnadan geçdi. Netijede, bellenilen meýilnama 102,7 göterim hötde gelindi. Nahar duzuny sebitde ilkinji, dünýäde dördünji bolup ýodlaşdyrmagy üstünlikli ýola goýan kärhanada gürrüňi edilýän döwürde dürli göwrümli gaplara gaplanan harytlyk önümiň möçberi 24 müň 666 tonnadan gowrak bolup, iş meýilnamasyna 102,3 göterim amal edildi. Däneli duzy öndürmekde ýetilen sepgit 102,7 göterime deň boldy.