Guýular
Ata-babalarymyz gadymy döwürlerde gazylýan guýularyň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Balkan dagynyň etegindäki çöllükde ýaşaýan adamlar üçin hem suw iň uly zerurlyk bolupdyr. Çarwadarlar öz mallaryny, esasan, guýudan suwa ýakypdyrlar. Guýular Garagumuň we Çilmämmetgumuň çäge ýakalary bilen uzaboýuna takyrlarda, şeýle hem Uzboýuň ugrunda jemlenipdir.
Guýular öz aýratynlyklary boýunça dürli hili atlandyrylýar.
Şyrlama guýy Merkezi Garagumda bolup, 18-20 metr çuňlukdan suw çykypdyr. Guýynyň şeýle atlandyrylmagy ýagyşdyr gar suwlarynyň bir tarapy takyr oý ýere aka-aka, köp mukdarda jemlenip saklanýan ýerinde gazylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Golajy guýy üsti takyr bolmadyk çöl ýerde gazylypdyr. Suwy köplenç ajy çykansoň, adamlar ony mal üçin ulanypdyrlar.
Üdek guýy dag eteklerinde gazylyp, suw 3-4 metr çuňlukdan alynýar. Şeýle guýularyň diwary berkidilmän, käse şekilinde gazylýar.
Damla guýy, esasan, Merkezi Garagumdan demirgazykda, Üňüz aňyrsyndaky gyr meýdanlarda gazylypdyr. Ol ýerlerde 5-6 metr çuňlukda suw siňdirmeýän daşlyk gatlak bolup, atmosfera ygallary daşa baryp, siňmän saklanýar. Ussalar suwa ýetilende daşlary ýonup, suw ýygnanar ýaly, okara şekilli edipdirler. Ýerasty suw oýtaga dama-dama ýygnanypdyr. Dam-dam bolup köpelýändigi sebäpli, ol guýulara damla guýular diýipdirler.
Ýyldyz guýy — 150-200 metr çuňlukdaky guýy bolup, onuň agzyndan seredilende, çuňlugy ýyldyz ýaly görünýändigi üçin, ol guýulara şeýle at beripdirler. Ýyldyz guýular Gündogar Türkmenistanda köp duş gelýär.